Türkmenistan bilen Hytaýyň özara haryt dolanyşygy 6 aýda 12,3% artdy

  • 02.08.2023 13:49
  • 7.1k+

2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen HHR-iň özara haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 12,3% artdy. Ikitaraplaýyn söwdanyň umumy möçberi 5,55 mlrd dollara deň boldy. Bu barada ORIENT agentligi Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp habar berýär.

Umumy söwda deňagramlylygynda düýpli artykmaçlyk türkmen eksportyna degişlidir. Hasabat döwründe türkmen eksporty 5,07 mlrd dollara deň boldy. Gaz Hytaýa eksport edilýän esasy önüm boldy. «Mawy ýangyjyň» üpjün edilmeleriniň özüne düşýän gymmaty 5,05 mlrd dollara deň hasaplanýar.
Öz gezeginde, Türkmenistan 476 mln dollarlyk hytaý harytlaryny satyn aldy. Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, Pekin Aşgabadyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......