«Holop 2-niň» çykjak senesi mälim edildi

  • 02.08.2023 10:50
  • 7.6k+

Miloş Bikowiçiň, Aglaýa Tarasowanyň we Iwan Ohlobystiniň baş keşpleri janlandyrmaklarynda «Holop» atly komediýa filminiň 2-nji bölümi 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda prokata çykarylar diýip, «RIA Nowosti» «Sentral Partnerşip» kinokompaniýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Çeşmede bellenilişi ýaly, bu gezek filmiň sýužeti Katýa atly (Aglaýa Tarasowa) lälik gyzyň başdan geçirmeleri bilen baglanyşykly bolar. Ol hem ozal edil Grişa (Miloş Bikowiç) ýaly içgili halda ulagy dolandyryp, adamlara gödeklik edip, temmisiz galmak isleýär. Katýanyň ejesi (Natalýa Rogožkina) döwlet işgäri, ol gyzyny terbiýelemäge derek, onuň eden-etdiligine göz ýumanyny we ony kanunyň öňünde jogapkärçilikden halas edenini em görenok.
«Holop» filminiň 2-nji bölüminiň üstünde hem öňki topar işlär, režissýorlyk kürsüsini ýene Klim Şipenko eýelär. Ýatlatsak, «Holop» filminiň birinji bölümi 2019-njy ýylda çykarylypdy we prokatda 3 milliard rubldan gowrak serişde toplapdy.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....