iPhone 15 Pro we iPad örän inçe çarçuwa eýe bolar

  • 01.08.2023 17:38
  • 25k+

iPhone 15 Pro-nyň we iPhone 15 Pro Max–yň ekranlarynyň çarçuwalary ep-esli inçeldiler diýlip garaşylýar. Bloomberg-iň abraýly çeşmesi bolan Mark Gurman bu üýtgeşmeleriň iPad–e hem degişli boljakdygyny aýtdy.

Ol Apple-iň iPhone 15 Pro-nyň we iPhone 15 Pro Max -yň çarçuwasynyň ölçeginiň 2,2 mm-den 1,5 mm-e çenli inçeljekdigini tassyklaýar. Apple, ozal Apple Watch-da ulanan, pes basyş astynda guýlan galyplar (LIPO) tehnologiýasyny ulanar. iPhone-na LIPO tehnologiýasy ornaşdyrylandan soň, Apple-iň bu aýratynlygy iPad-e hem girizmegi maksat edinýändigi aýdylýar.
Bu ýyl iPhone 15-iň hataryndaky iň uly üýtgeşmeleriň ikisi Apple-i arzuwlardaky  iPhone -na ýakynlaşdyrar. Adaty iPhone 15 modellerinde wyýomka Dynamic Island bilen çalşylar, şol bir wagtyň özünde Pro we Pro Max displeýleri bolsa täze tehnologiýa ulanmak arkaly öndüriler: pes basyş astynda guýlan galyplar ýa-da Apple -iň öz içinde atlandyrylyşy ýaly LIPO.
Bu täze amal displeýiň töweregindäki çarçuwany 1,5 mm çenli kiçelder (häzirki iPhone-larda takmynan 2,2 mm-den aşak). LIPO ilkinji gezek Apple Watch Series 7 -de enjamyň çarçuwasyny has inçeltmek we ekrany ulaltmak üçin peýdalanyldy. Maňa Apple-iň bu aýratynlygyny ahyrda iPad-e hem geçirmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdylar» - diýip Mark Gurman belleýär.
iPhone 15 -iň şu ýylyň sentýabr aýynda hödürlenmegi ähtimal.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...