Pakistan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin arap maýa goýumlaryny çekmegi meýilleşdirýär

  • 01.08.2023 17:27
  • 10k+

Pakistanyň täze ýörite maýa goýumlaryny ösdürmek geňeşi (SIFC) Pars aýlagynyň arap ýurtlaryna maýa goýumlary, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy bilen teklip ediljek milliardlarça dollarlyk 28 sany ileri tutulýan taslamany tassyklady.

Bu ädim, Pakistanyň ykdysadyýetiniň energiýa çeşmeleri barada hemişe gyzyklanýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine güýçli itergi bermek isleýändigini aňladýar diýip, ORIENT habar berýär.
2023-nji ýylyň iýun aýynda Pakistan Türkmenistan bilen bilelikde TOPH taslamasyny tizleşdirilen ýagdaýda durmuşa geçiriş meýilnamasyna gol çekdiler. Şol dabarada çykyş eden Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň sebitiň gülläp ösmegi üçin örän möhüm taslama bolup durýandygyny we sebit hyzmatdaşlygynyň täze döwrüni aňladýandygyny aýtdy. «TOPH-yň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin ähli tagallalary ederis»,-diýip Şarif nygtady.
SIFC-iň ileri tutulýan taslamalaryň sanawyny tassyklamagy, esasan Katardan, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Bahreýnden energetika, azyk we oba hojalygy we maglumat tehnologiýasy meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilendir.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....