Deriden ýürek keselini anyklamagyň usuly döredildi

  • 31.07.2023 23:29
  • 12k+

Russiýanyň Samara uniwersitetiniň alymlary dünýäde ilkinji bolup, bedene täsir etmezden, hroniki ýürek ýetmezçiligini anyklamak usulyny döretdiler diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.

Bu usuly oýlap tapan alymlaryň bellemeklerine görä, derini şöhlelendirmek arkaly keseli kesgitlemek usuly häzirki inwaziw usullaryň ornuny tutar. Bu ýörite sensoryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Barlagyň netijeleri «Journal of Biophotonics» žurnalynda çap edildi diýlip, çeşmede bellenilýär.
BSGG-niň maglumatlaryna görä, her ýyl ýürek-damar keselleri zerarly 20 mln adam aradan çykýar. Şolaryň hatarynda hroniki ýürek ýetmezçiligi giň ýaýranlarynyň biridir. Bu keselde gan we bedeniň öýjükleri kislorod bilen doly üpjün edilip bilinmeýär. Hroniki ýürek ýetmezçiliginiň başlangyç tapgyry alamatsyz geçýär. Ol, köplenç, eýýäm ötüşen we agyr ýagdaýlarda ýüze çykarylýar, bu bolsa näsaga lukmançylyk kömegini bermekde kynçylyk döredýär. Şonuň üçin hem bu keseli irki döwürlerinde kesgitlemegiň usulyny döretmek häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň esasy ugurlarynyň biridir.


11.01.2026 12:28
2.9k+

Çuwaşiýaly hirurglar galkan şekilli mäziň çişini aýyrmagyň täze we howpsuz usulyny işläp düzdüler

I.N.Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetiniň (ÇDU) hünärmenleri galkan şekilli mäziň zyýansyz çişlerini (kista) aýyrmagyň kämilleşdirilen usulyny oýlap tapdylar we patentlediler. Bu täze usul operasiýa wagtynda ses nerwlerine we galkan şekilli mäziň ýanyndaky ownuk mäzlere zeper ýetme howpuny iň pes derejä düşürýär...

16.12.2025 19:27
5.5k+

Russiýanyň Gamaleýa merkezi rak keseline garşy mRNK-sanjymynyň ilkinji synag tapgyryny çykardy

Gamaleýa adyndaky Epidemiologiýa we Mikrobiologiýa ylmy-derňew merkezine degişli bolan mRNK-preparatlary öndürýän fabrika onkologiýa kesellerine garşy göreşmek üçin niýetlenen sanjymyň ilkinji üç synag tapgyryny üstünlikli çykardy...

29.10.2025 10:48
2k+

Russiýada B gepatitini çalt anyklaýan dünýäde ilkinji ýokary duýgur test döredildi

Russiýada ilkinji gezek duýgurlygy boýunça PZR bilen deňeşdirip bolýan B gepatitini anyklaýan çalt test resmi taýdan hasaba alyndy. Bu barada Rospotrebnadzor (RF) habar berdi. Bu synag Rospotrebnadzoryň Merkezi epidemiologiýa ylmy-barlag institutynyň alymlary tarapyndan LAMP (Loop mediated isothermal amplification) tehnologiýasy esasynda işlendi...

22.08.2025 15:19
5.8k+

Dişleriň sagdyn bolmagy üçin: Russiýada düzüminde probiotikler bolan sakgyç döredildi

Seçenow uniwersitetiniň hünärmenleri probiotiklerden we prebiotiklerden düzülen çeýnelýän sakgyç döretdiler. Uniwersitetiň metbugat gullugynyň habaryna görä, täze önüme «Reteriks» diýlip at berildi. Onuň maksady – kariýesiň, gingiwitiň we beýleki stomatologik keselleriň töwekgelçiligini azaltmakdyr...