Messi bilen Ronaldunyň sosial ulgamlarda bir posty üçin näçe gazanýany belli boldy

  • 31.07.2023 23:25
  • 33k+

Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" klubunyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu iň köp girdeji gazanýan blogerleriň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Bu barada The Sun neşiri habar berýär.

Instagramdaky bir mahabat ýazgysy üçin futbolçy 2,2 million ýewro gazanýar. Şeýlelik bilen, portugaliýaly futbolçy takmynan 1,7 million ýewro alan amerikan modeli Kaýli Jennerden öňe geçdi.
Bu görkezijide ilkinji üçlügi başga bir futbolçy - şu tomusky transfer penjiresinde “Inter Maýami” amerikan klubuna geçen argentinaly hüjümçi Lionel Messi jemledi. Ol bir post üçin 1,52 million ýewro soraýar.
Ronaldu eýýäm alty aý bäri Saud Arabystanynyň çempionatynda çykyş edýär we ligada iň köp hak alýan oýunçy bolmagyny dowam etdirýär. Saud Arabystanynyň kluby bilen baglaşylan şertnama boýunça hüjümçi ýylda 200 million ýewro alar. Şeýle hem şertnamada futbolçynyň maşgalasy üçin bonuslar ýazyldy.
Messi iýul aýynda “Inter Maýamä” mugt transfer boldy. Soňky iki ýylda fransuzlaryň "Pari Sen-Žermen" toparynda oýnady. Umuman alanyňda, Messi geçen möwsümde Fransiýanyň çempionatynyň 32 oýnunda 16 gol saldy we 16 gezek netijeli pas berdi.


06.06.2026 10:24
5.7k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.3k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......