Puşkiniň heniz ýaşap ýörkä çykan «Ýewgeniý Onegin» romany rekord bahadan satyldy

  • 31.07.2023 15:31
  • 17k+

Rus şahyry Aleksandr Puşkiniň heniz dirikä çap edilen «Ýewgeniý Onegin» atly goşgy bilen ýazylan romanynyň ilkinji neşiri auksionda 26 million rubl bahadan satyldy diýip, «news.ru» habar berýär. Şeýlelikde, ol nusgawy rus şahyrlarynyň dirikä çap edilen kitaplarynyň hatarynda iň gymmat bahalysy boldy.

21-nji iýulda «Ýewgeniý Onegin» romanynyň örän seýrek duş gelýän ilkinji neşiri hem-de Aleksandr Puşkiniň ilkinji poemalar ýygyndysy satuwa çykaryldy. Şol döwre mahsus bolan usulda çap edilen kitabyň başlangyç bahasy hökmünde 12 million rubl bellenildi. Bäsleşikli söwdanyň ahyrynda kitap bellenden nyrhyndan iki esseden hem gowrak bahadan satyn alyndy.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....