Lenovo täze planşetini tanyşdyrdy

  • 31.07.2023 15:22
  • 5.4k+

«Lenovo» kompaniýasy «MediaTek» çipi ornaşdyrylan täze «Tab P12» planşetini tanyşdyrdy.

Planşet 2944х1840 piksel we 600 nit ýagtylyk mümkinçiligi bolan 12,7 dýuýmlyk IPS ekran bilen üpjün edilendir. Şeýle hem onuň displeýi «Dolby Vision» tehnologiýasyna esaslanýar. Enjamyň öndürijiligine «Mali-G68 MC4» grafikasy bolan «MediaTek Dimensity» çipi jogap berýär. Ulanyjylara 4 Gb ýa-da 8 GB operatiw ýady we 128 GB ýa-da 256 GB goşmaça ýady bolan nusgalar elýeterli bolar. Planşetiň ýadynyň sygymyny «microSD» arkaly 1 TB çenli artdyrmak mümkindir.
«Lenovo Tab P12» planşetinde 13 Mp durulykly frontal kamera we 8 Mp datçik ornaşdyrylandyr. Onuň akkumulýatorynyň sygymy 10200 mAs bolup, 30 Wt kuwwatlykly zarýad beriji enjam bilen üpjün edilýär. Planşet «Android 13» ulgamyda işlär. Şeýle hem onuň stilus we daşlyk-klawiatura bilen üpjün edilendigi bellenilýär. «Lenovo Tab P12» planşetiniň bahasy €400 deňdir.

düýn 20:25
5k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......