“Ýuwentus” 2023/24-möwsüminde UEFA-nyň howandarlygyndaky ýaryşlardan çetleşdirildi

  • 30.07.2023 10:03
  • 16k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) Klublaryň işi boýunça maliýe gözegçiligi komitetiniň (CFCB) birinji palatasy Italiýanyň “Ýuwentus” futbol klubuny 2023/24-möwsüminde guramanyň howandarlygynda geçirilýän ýaryşlardan çetleşdirmek kararyna geldi. Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär.

CFCB “Ýuwentus” ygtyýarnama we maliýe feýr-pleýiniň düzgünlerini bozdy diýen netijä geldi. Şeýle-de, klub 10 mln ýewro möçberinde goşmaça töleg tölemeli, ýene 10 mln ýewro şertlidir.
Maý aýynyň ahyrynda “Ýuwentus” 2022/23-möwsüminde Italiýanyň çempionatynda maliýe galplyklary sebäpli 10 utukdan mahrum edildi. Möwsümiň jemi boýunça topar milli birinjilikde ýedinji orny eýeledi, topar 2023/24-möwsüminde Konferensiýalar ligasynyň saýlama oýunlarynda oýnamalydy.


düýn 20:28
8.7k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....