Samsung flagman aýratynlyklary bolan býudjet smartfony taýýarlaýar

  • 29.07.2023 11:15
  • 12k+

Heniz çykarylmadyk «Samsung Galaxy M44» býudjet smartfonynyň aýratynlyklary mälim edildi. Onda flagman görnüşlerdäki «Snapdragon 888» çipi ornaşdyrylar, bu bolsa onuň netijeliligini artdyrar we 5G tor ulgamyny goldamagyny üpjün eder diýip, gazeta.ru «91mobiles» portalyna salgylanyp habar berýär.

Şeýle hem «Samsung Galaxy M44» smartfony 2021-nji ýylda döredilen «Qualcomm» prosessory, 6 GB operatiw ýat hem-de «Android 13» ulgamy bilen üpjün ediler. Bu görkezijileri onuň «Exynos 1380» çipiniň binýadynda işleýän «Galaxy M54» nusgasyndan hem ýokary netijelere eýe boljakdygyny aňladýar.
«Samsung Galaxy M44» smartfonynyň bahasy we tanyşdyryljak senesi heniz mälim edilmedi.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...