Russiýada geçiriljek Dostluk oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 27 görnüşi girizildi

  • 28.07.2023 14:09
  • 12k+

2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Moskwada geçiriljek Dostluk oýunlaryna 5 müňden gowrak türgen gatnaşar, ýaryşyň maksatnamasy sportuň 27 görnüşini öz içine alýar. Bu barada TASS-yň penşenbe güni beren habarnamasynda aýdylýar.

"5 müňden gowrak türgen, sportuň 27 görnüşi: 22 olimpiýa we 5 olimpiýa däl. Basketbol, 3x3 basketbol, BMX-fristaýl, boks, göreş, ýeňil atletika, dagda tigir sürmek, stol tennisi, suwda ýüzmek, kenar woleýboly, çeper gimnastika, gaýa dyrmaşmak sporty, tennis , taekwondo, agyr atletika, breýking, dzýudo, padel, kenar futboly, sport gimnastikasy, suwa bökmek, sinhron ýüzmek, skeýtbording, küşt, sport programmirlemesi, gylyçlaşmak, akrobatik rok-n-roll. Açylyş we ýapylyş dabaralary Moskwada, programmalaryň bir bölegi - Ýekaterinburgda geçiriler "-diýip habarnamada aýdylýar.

16-njy iýunda RF-iň Prezidentiniň ýanyndaky Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça geňeşiň sekretary Marat Filippow prezident Wladimir Putiniň 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ilkinji tomusky Dünýä dostluk oýunlaryny geçirmek barada karar kabul edendigini habar beripdi. Tomusky Dostluk oýunlaryny dört ýyldan bir gezek geçirmek meýilleşdirilýär.


25.07.2025 17:05
18k+

Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar...

25.07.2025 16:54
5.5k+

FIDE 10 ýaşly Şogjiýewi iň ýaş halkara ussat diýip ykrar etdi

10 ýaşly russiýaly küştçi Roman Şogjiýew resmi taýdan halkara ussat adyny aldy. Bu barada Russiýanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. TASS-yň maglumatlaryna görä, Şogjiýew bu tituly almak üçin zerur bolan üç düzgüniň ählisini ýerine ýetirmek bilen, iň ýaş küştçi boldy...

23.03.2025 12:11
8.1k+

Russiýaly aýal Baýkal kölünde buzuň astynda 122 metr ýüzüp, dünýä rekordyny goýdy

«Baýkalyň buzunyň astynda 2025» atly fridaýwing festiwalynda russiýaly Ýekaterina Nekrasowa uly üstünlik gazandy. Ol gidrokostýum geýmezden, Baýkal kölünde, buzuň astynda 122 metr aralyga ýüzdi. Bu netije bilen...

29.01.2025 11:54
14k+

Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi “Rostowyň” oýunçysy boldy

Russiýanyň “Rostow” futbol kluby Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi Denis Titow bilen şertnama baglaşdy. Futbolçy eýýäm BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda esasy topara...