Günorta Koreýanyň ulanyjylarynyň maglumatlaryny syzdyrandygy üçin ChatGPT çat-botuna 3,6 million won jerime salyndy

  • 28.07.2023 14:05
  • 10k+

687 sany ulanyjynyň şahsy maglumatlaryny aýan edenligi üçin, ChatGPT çat-botunyň operatory OpenAI kompaniýasyna 3,6 million won (2829 dollar) jerime salnandygyny Günorta Koreýa habar berdi. Bu barada Şahsy maglumatlary goramak boýunça iş toparynyň (PIPC) beýanatynda aýdylýar.

Yonhap habarlar gullugynyň iş toparynyň beýanatyna görä, jerime OpenAI-a "maglumatlaryň aýan bolandygynyň üsti açylandan soň 24 sagadyň dowamynda häkimiýetlere bu barada habar bermeli" diýen borjuny bozandygy üçin berildi. ChatGPT-iň açyk kitaphanasyndaky bir näsazlyk dokuz sagadyň dowamynda ChatGPT Plus-yň abonentleriniň töleg maglumatlaryny, şol sanda atlaryny we familiýalaryny, e-poçta salgylaryny, kredit kartoçkalarynyň soňky dört belgisini we gutarýan senesini görkezýän penjiräni tötänden açyp, mesele döretdi. Häzirki wagtda säwlik düzedildi.
Gözegçi edara kompaniýanyň gowşak şahsy maglumatlary goramak boýunça çärelerde jogapkärçilik çekip bilmejekdigini belläp geçdi, ýöne OpenAI-e wakanyň gaýtalanmazlygy üçin çäreleri görmegi, Günorta Koreýanyň şahsy maglumatlary goramak baradaky kanunyny berjaý etmegi we iş toparynyň ozalky barlaglarynyň netijelerini göz öňünde tutmagy maslahat berdi.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......