Samsung eplenýän smartfonlaryň täze modellerini hödürledi

  • 27.07.2023 15:18
  • 10k+

Çarşenbe güni, 26-njy iýulda Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy täze eplenýän smartfonlaryny – Galaxy Fold 5 bilen Galaxy Flip 5-i hödürledi. Tanyşdyrylyş onlaýn arkaly görkezildi. Galaxy Flip 5-iň öňki model bilen deňeşdirilende dizaýny üýtgedi – daşarky displeý 3,78 esse ulaldy, indi ol “gapagyň” tutuş meýdanyny diýen ýaly eýeleýär. Yzky kameralar, öndürijiniň aýtmagyna görä, suratlary we wideolary has aýdyň etjek emeli intellekt tehnologiýasy bilen üpjün edildi. Esasy ekran has berk boldy, gurluşa eplenmäge mümkinçilik berýän şarniriň gurluşy kämilleşdirildi diýip, rbc.ru habar berýär.

Daşarky ekranyň ölçegi 3,4 dýuýma, esasy ekranyňky 6,7 dýuýma deň. Selfi kamerasynyň durulygy 10 Mp, iki esasy kameranyňky – 12 Mp. Akkumulýatoryň kuwwaty 3700 mA/s. Enjam bir nano-sim-kartany we bir elektron sim-kartany (eSIM) göterýär.
Galaxy Fold 5 hem täze şarnir bilen üpjün edildi. Korpus has inçeldi. Gurluş öňki modellere garanda has ýagty, 7,6 dýuým diagonally displeý bilen enjamlaşdyryldy.
Daşarky kameranyň durulygy 10 Mp. Esasy kameralar: 4 Mp ekranasty, 12 Mp iki ultra giň, 12 Mp üç ultra giň, 50 Mp giň burçly we 10 Mp teleobýektiw. Akkumulýatoryň sygymy 4400 mA/s. Modelde iki nano-sim-karta we bir elektron sim-karta (eSIM) ulanylyp bilner.
Galaxy Fold eplenýär we planşete öwrülip bilýär, şular ýaly ilkinji modeli Samsung 2019-njy ýylyň fewral aýynda hödürläpdi, bu dünýäde şunuň ýaly ilkinji gurluş boldy. Şondan bäri şeýle smartfonlary Motorola, OPPO we Vivo ýaly başga-da birnäçe öndürijiler hödürledi. Maý aýynda Google hem eplenýän smartfonyny – Pixel Fold modelini hödürledi .
Şeýle-de, Samsung tanyşdyrylyş dabarasynda Galaxy Watch 6 sagatlarynyň täze tapgyryny we Samsung Tab S9 planşetini görkezdi.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...