Aşgabatdaky Kikboks zaly isleg bildirýänleri ýazylmaga çagyrýar

  • 27.07.2023 13:40
  • 9.9k+

Aşgabatdaky Kikboks zaly sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýan ýaşlary türgenleşige ýazylmaga çagyrýar.

Türgenleşikleri Kikboks boýunça Aziýanyň çempiony, Türkmenistanyň çempiony, tälimçi Nurmuhammet Atabaýew alyp barar. Ol kikboks sporty bilen meşgullanmak isleýän mekdep ýaslaryndaky oglanlara sportuň bu görnüşiniň inçe syrlaryny öwreder.
Isleg bildirýänler türgenleşikler üçin özüne laýyk günleri hem wagty saýlap biler. Türgenleşikler 1-3-5 günlerde, şeýle hem 2-4-6 günlerde geçirilýär.
Wagty 19:00 — 21:00-da hem-de 09:00-10:30-da.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+99361-50-03-60


18.03.2026 11:25
1.9k+

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...

16.03.2026 17:11
5.9k+

Türkmen boksçylary Bangkokdaky World Boxing Futures Cup 2026 ýaryşynda iki bürünç medal gazandy

Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde 8 — 15-nji mart aralygynda geçirilen World Boxing Futures Cup 2026 halkara ýaryşynda türkmen boksçylary iki sany bürünç medal gazandy. Bu barada THP habar berýär. 75 kg çenli agram derejesinde Ysmaýyl Orazmyradow bürünç medalyň eýesi boldy...

16.03.2026 12:00
1.5k+

Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça toparlaýyn çempionat geçiriler

22 — 28-nji mart aralygynda Türkmenistanda ilkinji gezek küşt boýunça ýurduň toparlaýyn çempionaty geçiriler. Bu ýaryş milli küşt hereketini ösdürmegiň täze tapgyry bolar we oňa ýurduň dürli sebitlerinden gelen toparlar gatnaşar...

13.03.2026 09:25
7.4k+

«Arkadag» topary yzygider ikinji ýyl TFF-iň Kubogynyň eýesi boldy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy oýny geçirildi. Duşuşykda «Arkadag» topary yzygider ikinji gezek Kubogy almagy başardy diýip, TFF-iň metbugat gullugy habar berýär...