iPhone oýun smartfonuna öwrülip biler

  • 27.07.2023 11:59
  • 9.8k+

9to5mac portalynyň habar bermegine görä, Apple ilkinji gezek macOS 14-iň beta wersiýasynda peýda bolan iOS-a oýun režimini girizmegiň üstünde işleýär.

Çeşmäniň habaryna görä, iOS 17-iň dördünji beta wersiýasynda döredijiler üçin Apple kompýuterlerinde oýun režiminde ulanylýan kod bilen gizlenen freýmwork ulgamlary peýda boldy. Şol bir wagtyň özünde, oýun tertibi diňe macOS üçin resmi taýdan yglan edildi.
Tapylan freýmworklar kompaniýanyň iPhone-da we iPad-da oýun öndürijiligini gowulandyrmak isleýändigini görkezýär. Mysal üçin, macOS-da oýun režimi  prosessoryň güýjüni ýokarlandyrmaga we Bluetooth-yň gijä galmagyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär, muňa  AirPods gulaklyklarynyň eýeleri ýa-da Bluetooth-kontrolýorlar bolan mobil oýunçylar baha berip biler.
Oýun režiminiň iPad-de peýda boljagy-bolmajagy belli däl. Şeýle hem, hünärmenler Apple-iň täzeligi hatda kompýuterleriniň aýratyn aýratynlygy edip biljekdigine ynanýarlar, sebäbi iOS-nyň beta wersiýasynda oýun režiminiň peýda bolmagy onuň soňky wersiýasynda çykjagyny kepillendirmeýär.
iOS 17-iň doly çykarylyşynyň 2023-nji ýylyň güýzünde bolmagyna garaşylýar.


düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...