Eplenýän Galaxy Z Flip 5 smartfonynyň täze aýratynlyklary mälim edildi

  • 26.07.2023 22:14
  • 12k+

Samsung kompaniýasy Seulda geçirilen «Galaxy Unpacked» sergisinde Eplenýän «Galaxy Z Flip 5» smartfonynyň täze nusgasy bilen tanyşdyrdy. Oňa girizilen täzelikleriň esasylarynyň biri hem ikinji displeýiniň göwrüminiň ulalmagydyr.

Galaxy Z Flip 5 «Snapdragon 8 Gen» prosessory bilen üpjün edilendir, onuň 256 GB we 512 GB ýady bolan nusgalary elýeterli ediler. Smartfonda 3700 mAs sygymly akkumulýator ornaşdyrylandyr, ol 25 Wt kuwwaty bolan simli zarýad berijiden hem-de simsiz «Qi» zarýad berijisinden energiýa alar.
6,7 dýuýmlyk içki displeý FHD+ durulyga we täzelenen 120 Gs ýygylyga eýedir. «Flip 5» eplenen ýagdaýda 15 mm galyňlyga eýedir, onuň agramy bolsa 187 gram. Onuň 60 Gs ýygylykly we 720×748 durulykly daşky ekrany bolsa 3,4 dýuýma deňdir. Ýagny, ol «Flip 4-iň» daşky displeýinden 4 essä golaý uludyr. Goşmaça ekrandan multimediany dolandyrmak, duýduryşlara jogap bermek mümkindir.
Galaxy Z Flip 5 11-nji awgustda satuwa çykarylar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...