Rus alymlary «akylly» lybaslar üçin mata döretdiler

  • 26.07.2023 21:46
  • 13k+

Tomsk politehniki uniwersitetiniň alymlary neýlon matanyň we grafeniň dikeldilen oksidiniň esasynda «akylly» lybaslar üçin täze materialy döretdiler diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Gibrid mata ýuwlanda hem özüniň aýratynlygyny saklaýar we elektrik geçiji häsiýete eýedir. Bu bolsa ony sensorly dokma platformalarda peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Tomsk politehniki uniwersitetiniň alymlarynyň bellemeklerine görä, dokma elektronika önümleri uly ähmiýete eýedir, çünki olar deri bilen ýakyn galtaşykda bolýarlar, bu bolsa ýürek urgusyny, gan basyşyny we bedeniň beýleki görkezijilerini gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýän ýeňil hem-de ykjam datçikleri ýerleşdirmäge şert döredýär.
Geçirilen barlaglarda bu matany kümşüň nanobölejikleriniň kömegi arkaly antibakterial häsiýetli etmegiň mümkindigi hem ýüze çykaryldy.


düýn 20:11
950

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

düýn 17:01
1.2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.6k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

03.06.2026 00:06
2.2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......