Ýaponiýada işleýän aýal-gyzlaryň sany rekord derejä ýetdi

  • 26.07.2023 11:52
  • 12k+

2022-nji ýylda Ýaponiýada işleýän aýal-gyzlaryň sany rekord 30,35 milliona ýetdi, bu bäş ýyl mundan ozalkydan 1,22 million köpdür diýip, Kyodo agentligi habar berýär. Muny rossaprimavera.ru ýetirýär.

Ýaponiýanyň Içeri işler we aragatnaşyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, aýal-gyzlaryň arasynda iş bilen meşgullyk derejesi rekord 53,2%-e ýetdi, bu belli bir derejede çaga terbiýeleýän eneleriň zähmet işini dowam etdirmegi üçin hökümet tarapyndan edilýän tagallalar bilen baglanyşyklydyr.
Şol bir wagtyň özünde işleýän erkekleriň sany 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 36,71 milliona çenli azaldy, işleýän aýal-gyzlaryň sanynyň artmagy işleýän ilatyň umumy sanyny rekord 67,06 milliona ýetirdi.
Agentlik premýer-ministr Fumio Kisidanyň gender deňligini öňe sürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirip, “kapitalizmiň täze görnüşi” syýasatynyň esasy binýady hökmünde aýal-gyzlaryň ykdysady garaşsyzlygyna ýardam etmäge wada berendigini ýatlap geçýär.
Geçen aý hökümet geňeşi 2030-njy ýyla çenli Tokionyň fond biržasynda baha kesýän öňdebaryjy firmalarda müdirler geňeşiniň zenan agzalarynyň paýynyň 30%-e çenli artdyrylmagyny öz içine alýan aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek maksatnamasyny tassyklady.


18.06.2026 22:13
5.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......