Xiaomi käbir meşhur smartfonlary, şol sanda käbir Redmi modelleri üçin täzelenmeleri çykarmagyny bes eder

  • 26.07.2023 11:59
  • 14k+

Xiaomi 2020-nji ýylda çykan alty sany meşhur smartfon modeli üçin goldawyň gutarandygyny habar berdi. Bu barada XiaomiUI portaly habar berýär.

Könelişen smartfonlaryň arasynda flagman Xiaomi Mi 10, Mi 10 Pro we Mi 10 Ultra, şeýle hem býujet Redmi Note 9 Pro, Redmi Note 9C we Redmi Note 10 5G bar. Bu enjamlar indi öndürijiden operasiýa ulgamynyň täzelenmelerini we howpsuzlyk programmasyny almaz.
Könelen smartfonlaryň ulanylmagy eýeleriniň maglumatlarynyň howpsuzlygyna zyýan ýetirip biler, sebäbi hakerler howpsuzlyk programmalary bilen düzedilen täze gowşaklyklary tapýarlar. Wagtynda täzelenmeleriň bolmazlygy öndürijiniň kemçilikleri düzetmejekdigini aňladýar.
2023-nji ýylyň dekabrynda hytaý kompaniýasynyň täzelenen MIUI 15 programma üpjünçiligi bilen birlikde Xiaomi 14-iň setiriniň flagman smartfonlaryny hödürlemegine garaşylýar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...