Jokowiç ýadawlyk sebäpli Kanadadaky "Masters" ýaryşyndan aýryldy

  • 26.07.2023 11:54
  • 7.7k+

Dünýäniň ikinji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç ýadawlyk sebäpli Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) Torontoda (Kanada) geçiriljek "Masters" ýaryşynda çykyş etmez. Bu barada ýaryşyň metbugat gullugyna salgylanyp, sportrbc.ru habar berýär.

"Men Kanadada wagt geçirmegi hemişe halaýardym, ýöne toparym bilen gürrüňdeşlikden soň biz ýaryşy sypdyrmak dogry bolar diýip hasaplaýarys. Men ýaryşyň müdiri Karl Heýle düşünendigi üçin minnetdarlyk bildiresim gelýär. Men ýakyn ýyllarda Kanada we Toronto janköýerleriň öňünde oýnamak üçin gaýdyp gelerin diýip umyt edýärin" - diýip, Jokowiç aýtdy.

Indi Jokowiçiň deregine iýul aýynda "Wimbledonyň" 1/4 finalyna ýetip, russiýaly Daniil Medwedewden utulan amerikaly Kristofer Ýubenks çykyş eder. Bu netije amerikaly üçin "Uly tuwulga" ýaryşlarynda iň gowusy boldy.
Kanadanyň Açyk çempionaty 7-nji awgustdan 13-nji awgust aralygynda Torontoda geçiriler.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......