Apple doly göwrümli Beats Studio Pro nauşniklerini hödürledi

  • 23.07.2023 15:30
  • 4.2k+

Täze doly göwrümli Beats Studio Pro flagmany, esasan, Studio3 Wireless-iň ýerine geldi: ähli häsiýetnamasy diýen ýaly häzirki ýagdaýlara laýyk täzelendi. Şonuň üçin hem resmi web sahypada iki model deňeşdirilýär.

Mysal üçin, täze 40mm draýwerler iň ýokary ses derejesinde 80% az akustiki ýoýulmany üpjün edýär. Dinamikdäki magnitler 25% güýçlendirildi. Mikrofonlar Studio3 Wireless bilen deňeşdirilende 27% dury ýaňlanýar.
Daşky görnüşi hem täzelendi. Mysal üçin, ahyry munda Type-C bar, 2017-nji ýylda görkezilen iň soňky modelde microUSB bardy we bu eýýäm Apple-iň günleri boldy!


Häzirki zaman Apple-iň gulaklyklaryna mahsus bolşy ýaly, açyk ýagdaýda we giňişlikdäki ses režimlerinde işlemäge ukyply işjeň sesbasyjyny aldy. Ýogsa-da, soňky aýratynlyk AirPods-yň setirine ilkinji gezek çykdy.
Beats Studio Pro Type-C kabeli arkaly dolybahaly Lossless-i goldaýan ilkinji Apple gulaklyklary boldylar. Şeýle hem ses kabelini iki tarapdaky "jekler" bilen köne usulda birikdirip bilersiňiz.
Batareýa 40 sagada ýeter. On minut zarýad bermek size dört sagat aýdym diňlemäge mümkinçilik berer.
Beats Studio Pro eýýäm satuwa çykdy. ABŞ-da bahasy salgytdan öň 349,99 dollar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...