Neuralink kompaniýasy kelledäki datçik arkaly dolandyrylýan robot elleri we aýaklary döredip biler

  • 22.07.2023 19:29
  • 12k+

Ilon Maskyň eýeçiligindäki Neuralink kompaniýasy adam beýnisine ýerleşdirilen datçik arkaly dolandyrylýan protez agzalary işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär. Bu barada anna güni Business Insider portaly habar berdi.

Neuralink-iň neýrotehniki ösüşlerini we Teslanyň Optimus adampisint robotyny döretmekdäki tejribesini birleşdirsek, "onda edil biologikä birmeňzeş we geljekde hasam gowy "robot el ýa-da aýak döretmek üçin mümkinçilik açylar" – diýip, portal Maskyň sözlerini getirýär. "Biz hakykatdanam ajaýyp mümkinçilikleri bolan kiberbedeni döredip biljekdigimize ynanýarys" – diýip, telekeçi belleýär.
Neuralink startapy Mask tarapyndan 2016-njy ýylyň iýul aýynda döredilip, geljekde adam beýnisine ýerleşdirilip bilinjek çipleri işläp düzmek bilen meşgullanýar. Telekeçi şeýle nerw interfeýsleriniň adama emeli aňa garşy durmaga ukyply kiborg bolmagyna mümkinçilik döretjekdigine, şeýle hem adamlara pikir güýjüni ulanyp kompýuteri nädip dolandyrmalydygyny öwrenmäge kömek etjekdigine ynanýar. 2023-nji ýylyň 25-nji maýynda kompaniýa ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Azyk we derman serişdelerine gözegçilik müdirliginden (FDA) adamlarda kliniki synaglary geçirmäge rugsat alandygyny habar berdi.


20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
5.8k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
948

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......