Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini 5% artdyrdy

  • 21.07.2023 17:48
  • 7.6k+

2023-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.

Umumylykda, maý aýynda Hytaý 13,51 mlrd kub metr «mawy ýangyç» import etdi, bu şol aý üçin taryhy rekord bolup durýar. Bilermenler kowid çäklendirmeleri ýatyrylandan soň HHR-iň ykdysadyýetiniň ösmegini dünýäniň energetika bazarynyň depginli ösüşiniň esasy şerti hasaplaýarlar.
Şu ýylyň  maý aýynda «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen mawy ýangyjynyň hytaý tarapa iberilmegini artdyrmak üçin täze taslamalary dowam etmek barada çykyş etdi.
Öz gezeginde HHR-iň Başlygy Si Szinpin Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4 şahasynyň gurluşygyny çaltlandyrylmagyny goldady. Munuň özi bu turba geçirijiniň umumy kuwwatyny ýylda 65 mlrd kub metr gaza çenli artdyrar.


düýn 19:01
3.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...