Angliýada 1960-njy ýyllaryň dört telefon budkasy taryhy ýadygärlik hökmünde hasaba alyndy

  • 21.07.2023 13:30
  • 13k+

Londonyň metro stansiýalarynda ýerleşýän dört sany K8 telefon budkasy Angliýadaky taryhy ýadygärlikleriň sanawyna girizildi. Bu barada penşenbe güni Evening Standard habar berdi.

Neşiriň habar bermegine görä, Sanly tehnologiýalar, medeniýet, metbugat we sport ministrligi bu mawy telefon budkalaryny aýratyn gyzyklanma bildirilýän we goraga mätäç desgalaryň sanawyna goşdy. Angliýanyň Taryhy binalar we ýadygärlikler boýunça iş toparynyň wekiliniň sözlerine görä, "XX asyryň Beýik Britaniýasynyň tehnologiki we medeni aýratynlyklaryny görkezýän şular ýaly budkalar gaty az we goralmalydyr".
Mawy K8 telefon budkalary 1960-njy ýyllaryň ortalarynda binagär Brýus Martin tarapyndan öňkülere garanyňda abatlamak we hyzmat etmek has aňsat bolar ýaly görnüşde taslamalaşdyrylypdyr. 1968-nji ýyldan 1983-nji ýyla çenli Angliýada takmynan 11 000 sany şol döwrüň öňdebaryjy budkasy oturdylypdyr. 1984-nji ýylda, takmynan 50 sanysyndan başgasynyň hemmesi söküldi we täzesine çalşyldy.


21.05.2026 19:24
3.9k+

Baýýo halysy Londonda taryhda ilkinji gezek ýazgyn ýagdaýda görkeziler

Britan muzeýi meşhur Orta asyr eseri bolan Baýýo gobelenini taryhda ilkinji gezek doly ýazgyn görnüşde sergä çykarar. «The Bayeux Tapestry Experience» diýlip atlandyrylan bu täsin sergi şu ýylyň 10-njy......

21.05.2026 07:29
1.1k+

Halkara "Buker" baýragy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" romanyna berildi

Zenan ýazyjy Ýaň Şuan-szynyň "Taýwan ýol ýazgylary" (Taiwan Travelogue) romany 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Sylaglamak dabarasy 19-njy maýda Londonyň Tate Modern muzeýinde geçirildi....

13.05.2026 19:49
1.6k+

The Beatles toparynyň üçeginde soňky konsertini beren jaýy muzeý bolar

Londonyň Sewil-Rou köçesiniň 3-nji jaýynda The Beatles muzeýi açylar. Hut şu binada toparyň ştab-kwartirasy we «Let It Be» albomynyň ýazgy edilen studiýasy ýerleşipdi, binanyň üçeginde bolsa toparyň iň soňky......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......