Nissan birnäçe kemçilikleri sebäpli dünýäde 1,4 milliona golaý ulagyny yzyna ýygnaýar

  • 19.07.2023 07:38
  • 17k+

Nissan ABŞ-da, Ýewropada we Aziýada 1,38 million ulagyny yzyna ýygnaýar. Bloomberg agentliginiň ýazmagyna görä, ulaglarda, modellere baglylykda, dürli näsazlyklar bar.

Yzyna çagyrylýan modelleriň arasynda Note, Kicks, Serena we elektrikli Leaf bar. Kemçilikleriň arasynda – kruiz-kontrol dolandyryş öçürilende tizligiň duýdansyz artmagy, ýöräp barýarka gysga utgaşma sebäpli motoryň, faralaryň öçmegi.
Ýüze çykarylan näsazlyklar sebäpli awtoulag heläkçiligi hasaba alynmady. Model ýyllary, haýsy bazarlar we ulaglaryň sany barada has jikme-jik maglumatlar takyk ýurtlarda yzyna çagyrmak yglan edilende mälim bolar. Hususan-da, amerikan NHTSA-sy entek resmi beýanat ýaýratmady.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....