Bitkoiniň bahasy barha aşak düşýär

  • 18.07.2023 19:36
  • 14k+

17-nji iýulda bitkoiniň bahasy soňky aýda ilkinji gezek 29 600 dollara çenli aşak düşdi. Şol bir wagtda ol 30 000 dollar görkezijä kynlyk bilen ýetipdi, emma bu uzaga çekmedi.

Şu gün irden bitkoiniň kursy çene-de 30 müň dollardan aşak düşdi. Bu esasy kriptowalýuta üçin ýaramaz täzelikdir.
Soňky aýyň dowamynda bitkoin birnäçe gezek 31 müň dollar görkezijä ýetjek bolup dyrjaşdy, geçen hepdede bolsa 31 müň 800 dollara çenli galdy. Analitikler bu kriptowalýutanyň indi 30 müň dollardan aşak düşmejekdigini biragyzdan tassyklapdylar. 
Indi welin, analitikler onuň iň aşak çäginiň 25-26 müň dollara çenli düşüp biljekdigini aýdýarlar.


06.02.2026 09:27
2.6k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.3k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...