Amazon dünýäniň iň gymmat IT brendleriniň reýtinginde birinji orny eýeledi

  • 16.07.2023 12:20
  • 12k+

Amazon geçen ýyl bahasynyň 14,6%, 299,3 mlrd dollara çenli pese gaçandygyna garamazdan, iň gymmat tehnologiýa brendleriniň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Bu barada Brand Finance konsalting kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda aýdylýar diýip, interfax.ru habar berýär.

Geçen ýylky reýtingde birinji orny eýelän Apple brendi ikinji orna düşdi. Onuň bahasy 16,2%, 297,5 mlrd dollara çenli pese gaçdy. Üçünji orny Google brendi eýeleýär ($281,4 mlrd).
Hytaýyň Huawei brendine global syýasy ýagdaýlar, ýarym geçiriji komponentleriň ýetmezçiligi we dünýäde smartfonlara bolan islegiň pese gaçmagy bilen baglanyşykly kynçylyklara garamazdan, iň gymmat tehnologiýa brendleriniň onlugynda galmak başartdy. Bu kynçylyklar sarp ediş gurluşlarynyň sferasynda Huawei-niň amallaryna düýpli täsir etdi, ýöne kompaniýanyň işiniň korporatiw segmenti we aragatnaşyk enjamlaryny çykarmak ýaly ugurlary gowy netijeleri görkezdi.
Geçen ýyl Huawei brendiniň bahasy 38% pese gaçyp, 44,3 mlrd dollar boldy.
Şu ýyl iň çalt ösýän tehnologiýa brendi Ýaponiýanyň IT kompaniýasy NTT DATA boldy (+55%, $8,9 mlrd). Ösüş depgini boýunça ikinji orny LinkedIn sosial ulgamy eýeledi – brendiň bahasy 49% ýokarlanyp, 15,5 mlrd dollara ýetdi.


03.03.2026 13:28
597

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

02.03.2026 18:32
3.8k+

Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär

Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi...

02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

31.01.2026 09:16
944

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...