Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan türgeni hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 15.07.2023 18:37
  • 31k+

Kriştianu Ronaldu 2017-nji ýyldan bäri ilkinji gezek (we umumylykda üçünji gezek) Forbes neşiriniň hasaby boýunça dünýäniň iň köp girdeji gazanan türgenleriniň sanawynda birinji orny eýeläp, 2023-nji ýylda iň ýokary ýyllyk gazanjy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär.

Hasaplamalara görä, 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli (köp sport möwsümleriniň tamamlanýan senesi) 12 aýyň dowamynda Ronaldu 136 mln dollar (107,5 mln funt sterling) gazandy. Ronaldu, takmynan, 130 mln dollar (103 mln funt sterling) bilen 2022-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan türgeni bolan Messiden tituly aldy. Ronaldunyň rekord girdejisi meýdançada gazanan 46 mln dollar (35 mln funt sterling) zähmet hakyndan we meýdançadan daşary 90 mln dollardan (68,5 mln funt sterling) ybarat.
2022-2023-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleriniň üçlügini Lionel Messi bilen Kilian Mbappe jemleýär. Messi 130 mln dollar bilen ikinji orny eýeledi, ýagny ol meýdançada 65 mln dollar we meýdançadan daşary hem 65 mln dollar girdeji gazandy. Mbappeniň meýdançada gazanan 100 mln dollar girdejisi onuň 120 mln dollar bolan umumy girdejisiniň ep-esli bölegini düzýär.
119 mln dollar bilen dördünji orny eýelän Lebron Jeýms 2023-nji ýylda basketbolçy üçin iň ýokary ýyllyk girdeji boýunça rekord goýdy, şol bir wagtyň özünde bäşinji orny eýelän Kanelo Alwares 2023-nji ýylda boksçy üçin iň ýokary ýyllyk girdeji boýunça rekord goýdy – 110 mln dollar.
2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ikisiniň hem pensiýa çykandygyna garamazdan, Rojer Federer we Serena Uilýams, degişlilikde 2023-nji ýylda erkek tennisçi üçin iň ýokary ýyllyk girdeji we 2023-nji ýylda zenan tennisçi üçin iň ýokary ýyllyk girdeji gazandy.
Umumy sanawda dokuzynjy orny eýelän Rojer, umumy alanyňda, 95,1 mln dollar gazandy. 49-njy orny eýelän Serena bolsa, umuman, 45,3 mln dollar gazandy.


düýn 23:00
1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.5k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......