Geljekki Samsung Galaxy S24 Ultra Galaxy S23 Ultra-dan has çalt zarýad alar

  • 14.07.2023 16:33
  • 24k+

RGcloudS lakamy bilen tanalýan insaýder geljekki flagman Samsung Galaxy S24 Ultra bilen gyzyklanýanlar üçin gowy habar aýtdy. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, bu modeliň zarýad beriş güýji Galaxy S23 Ultra-dan we Galaxy S22 Ultra-dan ep-esli ýokary bolar.

Ol kuwwatynyň 65 Wt boljakdygyny, Samsungyň flagmanlarynyň häzirki we öňki nesillerinden 20 Wt köp boljakdygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, batareýanyň kuwwaty 5000 mAh bolar we batareýanyň gyzmagyny azaldýan täze tehnologiýa boýunça öndüriler. Şeýle hem, batareýany sowadyjy gel gyzyş temperaturasyny peseltmäge hyzmat eder.
RGcloudS öň LPDDR5X we UFS 4.0 ýatly flagmanlaryň köpçülikleýin peýda boljakgyny, PWM ýygylygy ýokarlanan kameralardan we ekranlardan maglumatlary gaýtadan işlemek üçin smartfonlarda goşmaça çipleriň ulanylmagyny takyk çaklapdy.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...