Opel Experimental konsept-karynyň täze suratlary çap edildi

  • 14.07.2023 10:36
  • 13k+

Opel kompaniýasy sentýabr aýynda Frankfurtda geçiriljek sergide görkeziljek Experimental konsept-karynyň täze suratlaryny paýlaşdy. Prototipiň kuzowynyň görnüşi barada henizem hiç zat aýdanoklar, ýöne daşky görnüşiniň käbir häsiýetli jikme-jikliklerini görkezýärler.

Suratlaryň birinde öň tarapyň bezegi görünýär: konsept radiatoryň aňyrsy görnüp duran gözenegine we kompaniýanyň nyşanynyň täze görnüşine eýe bolar. Bu elementler bilelikde Opel Blitz-iň bezeg konsepsiýasynyň täze wersiýasyny emele getirer.
Inçe diod zolaklary görnüşinde ýerine ýetirilen yşyklandyryş tehnologiýasy we teker diskleriniň nagşy görkezildi. Bölekleýin içi hem bölekleýin görkezilýär, ýöne ýöne jikme-jiklikde diňe ýolagçy oturgyjynyň arka bölegini görmek bolýar.
Yzky çyralaryny şekillendirýän fotosuratda dinamiki eglen yzky sütünini görüp bilersiňiz – megerem, Eksperimental-yň fastbek-krossower bolmagy mümkin. Bir wersiýa görä, geljekde konsepte esaslanyp, Opel Insignia-nyň  täze neslini ýa-da janlandyrylan Manta modelini ösdürer.


09.10.2025 18:18
8.8k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi...

27.09.2025 19:12
9.7k+

Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler

Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy...

19.09.2025 14:53
2.7k+

755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar

Maserati, Chrysler we Jeep brendlerini öz içine alýan Stellantis konserni ýangyjyň syzmak töwekgelçiligi sebäpli bütin dünýäde 755 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu mesele ýangyna getirip biler diýip, Bild gazeti habar berdi...

31.08.2025 08:52
7.2k+

Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz

Germaniýanyň Opel awtoulag öndürijisi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryny önümçilikden aýyrmak baradaky meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada ITHome portaly habar berýär. Iki ýyl ozal kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap ähli täze modelleriň elektrikli görnüşde öndüriljekdigini we 2028-nji ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik ulaglarynyň satyljakdygyny mälim edipdi...