PepsiCo ýeralma ösdürilip ýetişdirilende çykýan zyňyndylary azaltmak boýunça maksatnamany işe girizdi

  • 11.07.2023 15:07
  • 8.3k+

Dünýäniň iň uly iýmit önümlerini we içgi öndürijileriniň biri bolan PepsiCo ýeralma ösdürilip ýetişdirilende çykýan zyňyndylary azaltmak boýunça synag maksatnamasyny işe girizdi. Ol bu ugurda öz tagallalaryny “ýaşyl” dökün öndüriji Fertiberia bilen birleşdirdi diýip, AgroPages onlaýn platformasynda habar berilýär.

Fertiberia-nyň Impact Zero döküni ýaşyl wodoroddan (tebigy gaza alternatiwa) öndürilýär. Kompaniýa Ýewropada senagat ulanylyşy üçin ýaşyl wodorodyň önümçiligi boýunça ilkinji we iň uly zawodlaryň biri bolan Puertolýanodaky önümçilik merkezinde ýaşyl ammiak öndürýär.
Fertiberia-nyň hünärmenleriniň pikiriçe, ekologiýa taýdan arassa dökünleriň ulanylmagy ýeralma ösdürilende çykýan zyňyndylary, takmynan, 15% azaltmaga mümkinçilik berýär. Onuň önümçiligi üçin tebigy gazdan wodorody ýaşyl wodorod bilen çalyşmak arkaly alynýan ýaşyl ammiak ulanylýar. Bu ýeralmanyň uglerod yzyny azaldýar.
“Ýaşyl” dökünler bilen ilkinji ekiliş Ispaniýanyň birnäçe sebitinde 30 ýyldan gowrak wagt bäri PepsiCo-nyň ýeralma üpjün edijisi Garlan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda geçirildi. Maksatnama 2025-nji ýyla çenli 1500 gektara ýetirmek çaklamasy bilen 400 gektarlyk ekin meýdanlarynda ulanylyp başlandy.


07.06.2026 10:07
3.5k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 20:16
3k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......