Gyrgyzystanda sambo boýunça Dünýä kubogy geçiriler

  • 11.07.2023 15:05
  • 7.2k+

Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde 22-23-nji awgustda erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport we göreş sambosy boýunça Dünýä kubogy geçiriler. Bu barada Halkara sambo federasiýasy (FIAS) habar berdi diýip, Trend belleýär.

Ýaryşlara FIAS-yň agzalary bolan Milli sambo federasiýalaryna wekilçilik edýän ýaşy 2005-nji ýyldan kiçi bolmadyk türgenler gatnaşyp biler.
Ýaryşlara gatnaşmak üçin Milli sambo federasiýalary düzgünlere laýyklykda 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan gijä galman arzalary tabşyrmaly. Ýaryşlara toparlary hasaba almak FIAS-yň onlaýn ulgamy arkaly amala aşyrylýar.


05.04.2026 02:45
2.9k+

Gar barsy 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň tumary boldy

Şu ýyl Gyrgyzystanda geçiriljek 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň resmi tumary yglan edildi. Ol güýjüň hormat goýmak bilen utgaşýandygyny, däp-dessurlaryň bolsa dünýä açykdygyny görkezýän gar barsy......

24.03.2026 10:21
2.4k+

«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik

«Merkezi Aziýada zenanlaryň arasynda köpçülikleýin triatlon sportuny ösdürmäge gönükdirilen «She.Tri» platformasy işe girizildi. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji martda Gazagystanyň metbugat klubynda geçirildi» diýip, CMN...

20.01.2026 14:02
21k+

Türkmenistanyň ýygyndysynyň iň gymmat futbolçysy Gyrgyzystanyň «Bars» klubuna geçdi

«Bars» gyrgyz futbol kluby Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly merkezi ýarym goragçysy Teýmur Çaryýewiň transferini resmi taýdan yglan etdi. «"Bars" futbol kluby türkmenistanly ýarym goragçy Teýmur Çaryýew bilen şertnama baglaşylandygyny şatlyk bilen habar berýär» diýlip, klubuň metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylýar...

31.08.2025 09:17
11k+

Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan bilen 1:1 oýnady

30-njy awgustda CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji duşuşygynda Gyrgyzystanyň garşysyna meýdança çykdy. Oýnuň ilkinji minutlarynda Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy topa has köp erk etmegi başardy...