Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly-2023» rallisinde çykyşyny dowam edýär (Foto)

  • 09.07.2023 11:27
  • 20k+

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde badalga alan «Ýüpek ýoly – 2023» rallisiniň birinji we ikinji tapgyrlary yzda galdy. Belläp geçsek, bu abraýly ýaryşda Türkmenistanyň türgenleri hem üstünlikli çykyş edýärler.

Awtorallide Türkmenistana Merdan we Şöhrat Toýlyýewler, Maksatmyrat Daňatarow, Didar Orazmedow, Begenç Annaýew, Muhammetmyrat Gurbanow “Nissan Patrol” awtoulagynda, Süleýman Annamämmedow, Parahat Garlyýew “Toyota LC 200” awtoulagynda wekilçilik edýärler.
Ikinji tapgyrda türkmen toparynyň gatnaşýan Т2 klasynda «Podmoskowýe» toparyndan Anton Melnikow iň çalt netijäni görkezdi. Ondan soň alty minutdan gowrak wagt bilen yzda «RUS» toparyndan Leonid Petrow ýerleşdi.
Şol bir wagtda Russiýanyň çempionatynyň T2 kategoriýasynda umumy hasapda Andreý Suşensow liderligi saklaýar, ol Melnikowdan iki minutdan az, Petrowdan bolsa sekiz ýarym minut öňde. Münber ugrunda ýaryşa şeýle hem Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekili Maksatmyrat Daňatarow hem goşulyp biler.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

08.06.2026 12:15
2.1k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....