Mask Twitter-iň Meta garşy arzasyny tassyklady

  • 09.07.2023 00:24
  • 15k+

Twitter-iň eýesi Ilon Mask kompaniýanyň 5-nji iýulda Twitter-iň bäsdeşi hökmünde görülýän Threads onlaýn platformasyny işe girizen Meta korporasiýasyna garşy kazyýete şikaýat bilen ýüz tutjakdygyny tassyklady.

“Bäsdeşlik – bu gowy, aldawçylyk welin — ýok” – diýip, Mask “Twitterde” kompaniýanyň “Twitteriň täjirçilik syryna we intellektual emlägine yzygiderli, bilkastlaýyn we bikanun eýe bolandygy” üçin “Metany” kazyýete berjekdigi baradaky habara jogap hökmünde ýazdy.

Öň, penşenbe güni Semafor portaly “Twitteriň” “Meta” garşy kazyýet işini açjakdygyny habar beripdi. Onuň maglumatlaryna görä, täze onlaýn platforma işe girizilenden soň “Twitteriň” bähbidini goraýan Quinn Emanuel kompaniýasynyň hukukçysy Aleks Spiro “Metanyň” ýolbaşçysy Mark Sukerberge hat iberip, onda korporasiýany täze önüminde “Twitteriň” intellektual emlägini ulanmakda aýyplady.
Threads programmasy çarşenbe güni App Store programmalar dükanynyň amerikan segmentinde ýükläp almak üçin elýeterli boldy. Penşenbe güni Sukerberg täze platformanyň abunaçylarynyň sanynyň programma işe girizilenden soň bir günüň içinde 30 milliona ýetendigini habar berdi.


25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......