Balkan welaýatynyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

  • 07.07.2023 23:59
  • 12k+

Balkan welaýatynyň edermen gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu baradaky hoş habary welaýatyň öňki häkimi T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň gallaçy babadaýhanlaryny bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, edermen daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmekleri üçin mundan beýläk-de döwletimiz  tarapyndan ähli zerur şertleriň dörediljekdigini aýtdy.
Mejlisiň barşynda Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi oba hojalyk toplumy boýunça wise-premýer wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.


düýn 09:38
6.8k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...

14.03.2026 10:01
941

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

14.03.2026 00:49
5.5k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

13.03.2026 09:38
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...