Eýran Russiýanyň, Kataryň we Türkmenistanyň gatnaşmagynda gaz merkezi boýunça gepleşiklere oňyn baha berdi

  • 07.07.2023 10:02
  • 12k+

Eýran Yslam Respublikasynda gaz merkezini döretmek boýunça Russiýa bilen geçirilen gepleşiklere Eýran ýokary baha berýär. Muny Eýranyň nebit ministri Jawad Ouji žurnalistlere OPEK-iň sekizinji halkara seminarynyň çäginde aýtdy diýip, TASS habar berýär.

"Eýranyň gaz merkezi boýunça Russiýa bilen örän oňat gepleşikleri alyp barýarys" diýip, ol gepleşikleriň iki aý mundan öň başlanandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Ouji Eýranyň merkezi döretmek üçin uly gaz gorlarynyň we infrastrukturasynyň bardygyny aýtdy. “Gaz gorlary boýunça Katar, Türkmenistan ýaly goňşularymyz hem ajaýyp mümkinçiliklere eýe. Bu faktorlar Eýrany sebitdäki gaz merkezine öwürmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär "- diýip, ministr belledi.

Ol Eýranyň dürli ýurtlar bilen üstünlikli gepleşikleri geçirýändigini nygtady.
Ouji ozal Russiýanyň, Kataryň we Türkmenistanyň gatnaşmagynda Eýranyň Pars aýlagynyň demirgazyk kenaryndaky Buşehr welaýatynda ýerleşýän Assaluye senagat sebitinde gaz merkezini döretmegi meýilleşdirýändigini aýdypdy.
OPEK-iň 8-nji halkara seminary 5-6-njy iýulda Wenadaky Hofburg köşgünde geçirildi. Oňa OPEK ýurtlarynyň ministrleri we beýleki nebit öndürijiler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we dünýäniň iň uly energiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Çäräniň esasy mowzugy “Durnukly we inklýuziw energiýa geçişine tarap”.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...