Ýeriň ýaşaýjylary iýul aýynyň Dolanaýyna tomaşa edýärler

  • 06.07.2023 10:18
  • 21k+

4-nji iýul gijesi, Ýer ýüzüniň adamlary şu ýylyň ilkinji Dolanaýyny — Ýeriň hemrasynyň adatdakysyndan ep-esli ýagty we uludygyny görüp bildiler. Dolanaýyň iň ýokary derejesini çarşenbe güni gije, Aşgabat wagty bilen 03:29-da synlamak bolar. Aý orbitasynyň iň gyrasynda, Ýerden 360 149 km uzaklykda ýerleşdi. 

Bu hadysanyň dowamynda Dolanaý 362 müň km uzaklykda planetamyza ýakynlaşýar we perigeýiň hem-de Dolanaýyň geçiş pursatlary üç günden köp durmaz.
Planetamyzyň hemrasy bilen aralygyň yzygiderli üýtgäp durýandygyny bellemelidiris. Onuň orbitasy birkemsiz tegelek däl-de, birneme süýnmek, şol sebäpli-de ol Ýerden kä daşlaşýar,  käte oňa ýakynlaşýar.
Aýyň doly fazasy planetamyza iň ýakyn golaýlaşma gabat gelende, Dolanaý bolýar.
Şeýle golaýlaşma pursadynda Aý Ýerden seredeňde ullakan ýaly görünýär, görünýän diametri 33′11″. Bu ýagdaýda Ýeriň hemrasy gyzyl reňk alýar, şonuň üçin Dolanaýa "ganly", "miweli" ýa-da "ýyldyrymly" diýilýär.
NASA-nyň habaryna görä, iýul Dolanaýy diýilýän hadysa üç güne çenli dowam eder we azyndan ýene bir gije Aý henizem doly görner.
Şeýle-de bolsa, 2023-nji ýylda iýuldan başga-da, 1-nji awgustda we 31-nji awgustda, şeýle hem 28-nji sentýabrda Ýerden ýene üç gezek Dolanaý görner.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

09.04.2026 23:43
4k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......