Apple iPhone 15 Pro-nyň malina reňkde titan korpusda çykarmagy meýilleşdirýär

  • 05.07.2023 13:03
  • 23k+

Weibo-da ygtybarly çeşmä salgylanýan 9to5mac portalynyň awtorlary Apple amerikan öndürijisiniň iPhone 15 Pro-ny malina reňkinde çykarmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.

Täze iPhone 15 we 15 Plus bolsa “iPhone 12-niň we iPhone 11-iň ýaşyl reňkine ýakyn” ýaşyl reňkde bolar diýlip garaşylýar. Bu enjamlaryň öň narpyz öwüşginindäki görnüşi bardy. Emma iPhone 13 bilen iPhone 14-iň önümçiliginde narpyz reňk ulanylmady. 9to5mac-yň redaksiýasynda täze enjamlaryň reňk çözgütleriniň nähili bolup biljekdigi babatynda insaýderiň çaklamalaryny göz öňüne getirdiler.

Maglumata görä, Apple smartfonlary üçin, açyk gök we gülgüne ýaly, birnäçe dürli reňkleri barlap görýär. iPhone 15 Pro-nyň korpusy titandan ýasalar we öndüriji bu materiala boýag çalmak prosesini kämilleşdirmelidir. Bu kompaniýa birnäçe ýyl bäri Apple Watch Edition-da titany ulanýar we sagady tebigy hem-de älem reňkinde hödürleýär.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...