Luis Enrike «PSŽ-de» baş tälimçi bolup işe girişdi

  • 05.07.2023 12:25
  • 11k+

Ispaniýaly hünärmen Luis Enrike «PSŽ-niň» baş tälimçisi hökmünde wezipesine girişdi.

ESPN neşiriniň habar bermegine görä, häzirki wagtda Enrike indiki möwsüm üçin klubuň düzümini düzmek meseleleri bilen meşgullanýar.
Ýatlatsak, Enrike 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri işsiz otyrdy. Şonda ol Ispaniýanyň milli ýygyndysyny terk etdi. Belläp geçsek, Ispaniýanyň Enrikeniň ýolbaşçylygynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final tapgyrynda Marokkodan ýeňlip gaýtdy.
Enrike «Barselona» tälimçilik eden döwründe dokuz sany baýrak aldy.

Ýatlatsak, Kristof Galtýee geçen möwsümiň ahyrynda «PSŽ-den» aýryldy. Galtýeniň ýolbaşçylygynda klub Fransiýanyň çempiony boldy.


düýn 19:10
5.5k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.3k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....