Meta 6-njy iýuldan Twitter-iň bäsdeşini çykarar

  • 05.07.2023 10:32
  • 6k+

Amerikanyň Meta korporasiýasy 6-njy iýulda Twitter sosial ulgamynyň analogyny — Threads goşundysyny çykarar. AppStore (Threads, an Instagram app) goşundylar bölüminiň amerikan segmentindäki düşündirişinden görnüşi ýaly, Ilon Maskyň Twitter-ine potensial bäsdeşi Instagram sosial ulgamynyň binýadynda işleýär.

Bu goşundynyň düşündirişinde aýdylyşyna görä, Threads «jemgyýetçiligiň birleşýän ýeri» bolar we olar özlerini gyzyklandyrýan ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Geljekki ulanyjylar özlerini gyzyklandyrýan ynsanlar we pikirdeş adamlary barada bilmäge hem-de pikir alyşmaga, şeýle hem öz başlangyçlaryny, pikirlerini we döredijiligini paýlaşmaga çagyrylýar.
ABŞ-daky ulanyjylar 6-njy iýulda AppStore-dan Theads-i mugt ýükläp alyp bilerler.
22-nji iýunda Metanyň baş direktory Mark Sukerberg Mask bilen başa-baş göreşe çykyp, düşünişmek barada ylalaşdy. Sebäbi Mask Metanyň Twitter bilen bäsleşýän programma açmak niýeti baradaky maglumat internetde peýda bolan dessine, garşydaşyny söweşe çagyrdy. Telekeçiler Las Wegasdaky meýdançada söweşmegi şertleşdiler. 


16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....