Saud Arabystany nebit önümçiligini günde 1 million barrel azaltmagyny meýletin dowam edýär

  • 04.07.2023 18:20
  • 10k+

Saud Arabystany, deslapdan iýul aýyny göz öňüne tutanam bolsa, awgust aýynda nebit önümçiligini günde 1 million barrellik (b/g) azaltmagy uzaltmak kararyna geldi. Bu barada Saud Arabystanynyň metbugat gullugy Patyşalygyň Energetika ministrliginiň wekiline salgylanyp habar berdi.

Awgust aýynda, iýul aýynda bolşy ýaly, azaltmak göz öňünde tutulany üçin, Saud Arabystanynyň nebit önümçiliginiň mukdary 9 million kub metr bolar. Hasabatda 1 million b/g meýletin azaltmagyň, önümçiligi 500 müň b/g azaltmak baradaky ozalky karara goşmaça bolmak bilen, has uzak möhlete uzaldylyp bilinjekdigi bellenilýär.
Şeýlelik bilen, patyşalyk tarapyndan awgust aýynda önümçiligiň azalmagynyň umumy mukdary 1,5 million b/g bolar.
4-nji iýunda Wenada geçirilen OPEK+ —yň duşuşygyndan soň, Saud Arabystany bu çäräni uzaltmak mümkinçiligi bilen iýul aýynda nebit önümçiliginiň 1 million b/g azaldyljakdygyny yglan etdi. Saud Arabystanynyň metbugat gullugynyň Patyşalygyň Energetika ministrliginiň wekiline salgylanyp berýän habaryna görä, goşmaça azaltmak nebit bazaryndaky durnuklylygy we deňagramlylygy saklamaga gönükdirilen duýduryş çäresidir.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...