Sýuý Dunýuý FAO-a ýolbaşçylygyna gaýtadan saýlandy

  • 04.07.2023 11:53
  • 3.7k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) baş müdiri Sýuý Dunýuý ýekşenbe güni ikinji dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Onuň üçin 168 adam ses berdi, biri garşy çykdy, 13 adam saklandy. Onuň täze möhleti 2023-nji ýylyň 1-nji awgustynda başlar we 2027-nji ýylyň 31-nji iýulynda tamamlanar.

FAO-da görkezişleri ýaly, beýleki dalaşgärler guramanyň häzirki başlygynyň peýdasyna öz dalaşgärliklerini aýyrdylar. Baş müdiriň iki möhlet işlemegi adaty bir zat. Sýuý Dunýuý FAO-nyň şenbe güni açylan, häzirki wagtda dowam edýän  konferensiýasynyň dowamynda, esasan, FAO-nyň başynda boljak täze möhletiniň maksatlary we wezipeleri barada çykyş eder diýlip garaşylýar.
FAO-nyň konferensiýasy iki ýyldan bir gezek geçirilýär, ol guramanyň esasy dolandyryş edarasy bolup, agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekillerini ýygnaýar.
Konferensiýa 7-nji iýulda tamamlanar.


05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

27.04.2026 02:06
4.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......