Arkadag şäheriniň teatrynda «Döwlet daragty» atly ilkinji sahna oýny görkezildi

  • 04.07.2023 11:00
  • 9.8k+

3-nji iýulda täze açylan Arkadag şäheriniň A.Gulmammedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Döwlet daragty» diýlip atlandyrylan ilkinji sahna oýny tomaşaçylara hödürlendi. Edebi esasy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowa degişli bolan sahna oýny Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Aýnazar Batyrowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyryldy.

Drama eseri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly eserlerinde beýan edilýän wakalara we gymmatly maglumatlara esaslanýar. Sahna oýny bäş bölümden ybarat bolup, olaryň her haýsynda dürli taryhy döwrüň wakalary janlandyrylyp, olarda bu mukaddes toprakda ýaşan, döreden şahsyýetleriň döredijilik ykballary we olaryň manyly ömür ýoly barada söhbet açylýar.
Sahna eseriniň «Nesilbaşymyz Oguzhan» diýlip atlandyrylýan birinji bölüminde Oguz hanyň gadymy Köpetdagyň sahawatly jülgesindäki Yzgant obasynda oba-kent gurup, ogullaryna öý-ojak tutup, oguz kowmunyň dünýä ýaýramagy hem-de parasatly pederlerimiziň paýhasynyň dünýä ýaýylmagy baradaky ündew-pent berşi çeper suratlandyrylýar.
«Binýat» diýlip atlandyrylan ikinji bölümde Beýik Seljuklar şadöwletiniň soltanlary Togrul begiň, Çagry begiň, Alp Arslanyň, şol sanda Mäne babanyň çeper keşpleri merdana pederlerimiziň Watan goragy üçin görkezen gahrymançylyklaryny giňden dabaralandyrýar.
Üçünji bölümde ahalteke bedewleriniň arassalygyny saklamakda, täze nesil urgurlaryny döretmekde nesillere nusgalyk işleri bitiren belli atşynas Aba seýisiň çeper keşbi, dördünji bölümde bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda beýan edilýän taryhy wakalar, hususan-da, beýik Ýeňşiň hoş habary bilen bagly wakalar, Berdimuhamet aganyň, Mälikguly aganyň gahrymançylyklary baradaky wakalar janlandyrylýar.
Sahna oýnunyň jemleýji bölümi täze açylan teatra ady dakylan belli artist hem režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmammedowyň döredijilik ýoluna bagyşlanýar. Onda belli artistiň döreden hem-de bir döwürde zähmet çeken kärdeşleriniň keşpleri janlandyrylýar.
Sahna oýnunda ýurdumyzyň halk we at gazanan artistleri we teatr sungatyna ýaňy gadam basan ýaş artistleriň onlarçasy ussatlyk bilen keşp janlandyrdylar. Olaryň ýerine ýetiren sahna eseri tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......