Ýaponiýanyň premýer-ministri 2022-nji ýylda 267 müň dollardan gowrak girdeji gazandy

  • 03.07.2023 20:32
  • 12k+

Ýaponiýanyň premýer-ministri we dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Fumio Kisida 2022-nji ýylda jemi 38,6 million ýen (267,2 müň dollardan gowrak) girdeji gazandy. Parlamentdäki deputatlaryň gazançlary barada duşenbe güni çap edilen maglumatlara görä, ol girdejisi taýdan parlamentde wekilçilik edilýän beýleki partiýalaryň ýolbaşçylaryndan öňe geçdi.

Bu görkeziji boýunça ikinji ýerde kommunistleriň lideri Kadzuo Sii durýar. Ol 2022-nji ýylda 20,5 million ýenden (142 000 dollar) gowrak girdeji gazandy. Bu mukdaryň ep-esli bölegi geçen ýyl Ýapon kommunistleriniň programmasy barada çap edilen teswirler üçin töleg boldy. Kisidadan tapawutlylykda, parlamentde wekilçilik edilýän beýleki syýasy partiýalaryň ýolbaşçylarynyň girdejileri onuň orunbasarlarynyň ortaça gazançlaryndan pes, ýagny takmynan 21,6 million ýen (149,1 müň dollar) boldy.
Häkimiýet başyndaky LDP-nyň wekilleri yzly-yzyna altynjy ýyl parlamentdäki girdejileri boýunça öňdelikçi bolup galýarlar. 2022-nji ýylda olaryň ortaça girdejisi 22,8 million ýen (158 000 dollar töweregi) boldy. Iň köp girdeji gazanan 10 deputatyň sanawynda liberal demokratlar ýedi orny eýeleýär.
Kisidanyň girdejisi premýer-ministr wezipesindäki aýlygyndan we parlament agzasyna degişli töleglerinden, neşirleri üçin hakujy haklaryndan, tölegli çykyşlardan alýan girdejilerinden we ş.m. ybarat. Ýaponiýanyň hökümetiniň başlygy 2022-nji ýylda öňküsinden takmynan 10,3 million ýen (71 müň dollar) köp gazandy.


04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
8.9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......