4-nji iýulda onlaýn ýagdaýda ŞHG-niň 23-nji sammiti geçiriler

  • 03.07.2023 10:55
  • 3.6k+

4-nji iýulda onlaýn ýagdaýda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisi Hindistanyň premýer-ministriniň ýolbaşçylygynda geçiriler.

Geňeşiň 23-nji mejlisiniň esasy resminamasy Deli jarnamasy bolar. Şeýle-de, sebitiň howpsuzlygyny, ykdysady ösüşi, medeni we ynsanperwer alyş-çalşygy üpjün etmek bilen bagly möhüm kararlar kabul ediler we ara alnyp maslahatlaşylar.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy dünýädäki iň uly sebit guramasydyr. Oňa Russiýa, Hindistan, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan girýär.
ŞHG-niň 23-nji sammitinde Eýran Yslam Respublikasy täze agza hökmünde guramanyň işine dolulygyna gatnaşar.
Türkmenistan ýokary derejede, ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşýar.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......