Şakira 2023-nji ýylyň iň owadan latyn amerikalylarynyň sanawynda birinji orny eýeledi

  • 01.07.2023 14:07
  • 38k+

Şakira “People en Espaňol” žurnalynyň “50 sany iň owadanlaryň” reýtinginde birinji orny eýeledi. Neşiriň belleýşi ýaly, “Şakira Žerar Pike bilen aýrylyşandan soň başdan geçiren şahsy dawalaryna garamazdan, ýene-de bir gezek üstünligiň çür depesine ýetmegi başardy – Bizarrap bilen meşhur aýdymyny ýazdy, Billboard tarapyndan “Ýylyň zenany” diýlip atlandyrylan ilkinji latyn amerikaly boldy, Ginnesiň 14 rekordyny täzeledi”.

Indi aýdymçy titul bilen bilelikde öz heýkeliniň hem eýesi bolar diýip, rbc.ru habar berýär. Alty metrlik ýadygärlik artistiň doglan ýeri bolan Kolumbiýanyň Barrankilýa şäherinde oturdylar. “Biz Şakirany tanamaga çalyşýarys we Barrankilýanyň ýaşaýjylarynyň bu medeni ýadygärlige buýsanyp bilmegini isleýäris” – diýip, şäher häkimi Haýme Pumareho “People en Espaňol” bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Beýikligi alty metr we doly derejede bürünçden bolan ýadygärligi heýkeltaraş Ino Markesiň taýýarlajakdygy bellenilýär. Onuň oturdyljak ýeri ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ses bermek arkaly saýlanar.
Şeýle-de, “50 sany iň owadanlaryň” reýtingine şular girdi: Mark Entoniniň öňki aýaly aýdymçy Jennifer Lopez we häzirki aýaly Nadýa Ferreýra, Ýewa Lengoriýa, aktrisa Ana de Armas, aktýor Pedro Paskal, aýdymçy Karol G, futbolçy Lionel Messi we onuň aýaly Antonella Rokusso, repçi Bad Bunny we asly latyn amerikaly bolan beýleki meşhurlar.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....