Dünýäde ulanylman ýatan telefonlaryň mukdary hasaplandy

  • 01.07.2023 14:06
  • 18k+

Gajetleriň komponentlerini täze gurluşlary döretmek üçin gaýtadan işlemek mümkinçiligine garamazdan, häzirki wagtda dünýäde 5 milliarddan gowrak ykjam telefon adamlar tarapyndan ulanylmaýar. Bu barada dünýädäki ykjam aragatnaşyk operatorlarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän GSMA söwda guramasynyň gözleginde aýdylýar diýip, gazeta.ru habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, GSMA-da aragatnaşyk operatorlarynyň gatnaşmagynda ykjam gurluşlary gaýtadan işlemek prosesini çaltlaşdyrmak we ýönekeýleşdirmek boýunça täze taslama yglan edildi. Dünýäniň 12 sany öňdebaryjy operatory gaýtadan işlemek üçin öýjükli gurluşlaryň yzyna gaýtarylma ýagdaýlarynyň sanyny artdyrmaga borçlandy.

“2030-njy ýyla çenli operatorlar tarapyndan yzyna gaýtaryş shemalary boýunça ýygnalan öň ulanylan ykjam gurluşlaryň sany gönüden-göni müşderilere satylan täze ykjam gurluşlaryň sanynyň azyndan 20%-ine barabar bolar” – diýlip, taslamada aýdylýar.

Şeýle-de, operatorlar 2030-njy ýyla çenli operatorlar tarapyndan yzyna gaýtaryş shemalary boýunça ýygnalan öň ulanylan ykjam gurluşlaryň 100%-iniň abatlanjakdygyna, gaýtadan ulanyljakdygyna ýa-da gaýtadan işlemek üçin guramalara beriljekdigine borçlandylar.
GSMA-nyň hasabyna görä, dogry gaýtadan işlenilen ýagdaýynda bäş milliard ykjam gurluş 8 milliard dollarlyk altyny, palladiýi, kümşi, misi, seýrek duş gelýän toprak elementlerini we beýleki zerur minerallary dikeldip biler hem-de elektromobiller üçin 10 mln akkumulýatoryň önümçiligi üçin ýeterlik kobalty üpjün edip biler.

düýn 20:25
5.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
7.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
5.5k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.3k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......