It iň uzyn dili bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 01.07.2023 14:04
  • 19k+

Illinoýs amerikan ştatyndan Rokki atly köpek dünýäde iň uzyn it diliniň eýesi hökmünde Ginnesiň dünýä rekordyny goýdy. Bu barada NY Post habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

9 ýaşly bokseriň diliniň uzynlygy 5,46 dýuýma (13,86 sm) barabar. Rokkiniň eýeleri Bred we Kristal Uilýamslar öý haýwanlarynyň adaty bolmadyk uzyn diliniň bardygyny hemişe bilýärdiler, ýöne Ginnesiň rekordlar kitabyna öňki rekord eýesi, Moçi atly itiň ölendigini bilenlerinden soň ýüz tutmak kararyna gelýärler.
Itiň hojaýyny ýüz tutmak prosesiniň dowamly we ýadadyjy bolandygyny aýdýar. Ilki Rokki weterinara äkidilýär we onuň dilini birnäçe gezek ölçeýärler, şondan soň maglumatlar Ginnesiň rekordlar kitabyna iberilýär. Birnäçe aýdan soň itiň dilini ýene bir gezek ölçemek üçin guramadan hususy weterinar, lukman Bernard Blim iberilýär.
Rokkiniň dilini fotograflaryň we wideooperatorlaryň gatnaşmagynda ölçediler diýip, Kristal Uilýams aýdýar.
Lukman Blim rekordy hasaba alyp, Rokkiniň öz titulyna hakyky mynasyp it bolandygyny belledi.
Ýakyn wagta çenli iň uzyn it dili üçin dünýä rekordy Zoi atly ite degişlidi. Onuň diliniň uzynlygy 5 dýuýma (12,7 sm) barabar.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......