NASA Aýda kislorod, wodorod we demir almagy meýilleşdirýär

  • 30.06.2023 08:46
  • 11k+

NASA Aýda tebigy baýlyklary almakçy bolýar. Öňübilen gürrüň kislorod we suw hakda barýar, ahyrky netijede sanawa demir we seýrek toprak elementleri hem girse gerek diýip, Reýter agentligi ýazýar.

ABŞ kosmos gullugy 2025-nji ýyla çenli Artemis missiýasynyň çäginde amerikalylary Aýa gaýtaryp eltmegi meýilleşdirýär. NASA-nyň Jonstondaky Kosmos merkeziniň raketaçy-alymy Jerald Sandersiň pikiriçe, NASA täjirçilik maýa goýumlaryny çekmek üçin energiýa, suw we Aý topragy ýaly potensial çeşmeleri kesgitlemegi meýilleşdirýär.
NASA Aýa synag buraw desgasyny iberer we Aýyň topragynyň (regolit) giň göwrümli gazuw işlerine başlamagy we 2032-nji ýylda synag maksatly gaýtadan işleýän zawody gurmagy meýilleşdirýär.
Ilkinji müşderileriň Aýyň baýlyklaryndan peýdalanyp biljek täjirçilik raketa kompaniýalary bolmagyna garaşylýar. Awstraliýanyň kosmos gullugy 2026-njy ýyldan başlap, NASA missiýasynyň çäginde regolitiň nusgalaryny aljak ýarym awtonom awtoulag öndürmäge gatnaşýar.
Aýyň topragynyň oksidlere baýdygy, gyzdyrylanda kislorod we şuňa meňzeş metallary bölüp çykarýandygy öňden bäri mälimdir. Marsohod Aý topragyny ýygnar. NASA marsohod bilen bilelikde Aýa iberilen ýörite enjamlary ulanyp, regolitden uzak aralykdan kislorod çykarar.


27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......