Gustaw Klimtiň «Ýelpewaçly hanym» kartinasy dünýädäki iň gymmat kartina boldy

  • 30.06.2023 08:39
  • 12k+

Dame mit Fächer (“Ýelpewaçly hanym”) taryha girdi. Awstriýaly suratkeş Gustaw Klimtiň bu kartinasy Sotheby’s auksionyndan 74 mln funt sterlinge (86 092 340 ýewro ýa-da 94 million dollardan gowrak) satylyp, Ýewropada häli-häzire çenli satylan iň gymmat surat hökmünde täze rekord goýdy. Bu barada Euronews.com habar berýär.

Teklipler biri-biriniň yzyndan başyňy aýlaýjy tizlik bilen dowam edip, ahyryna çenli dartgynlylygy saklady. Häzirlikçe soňky 29 ýyl bir maşgalanyň elinde bolan kartinany kimiň satyn alandygy belli däl.
“Ýelpewaçly hanym” Klimtiň iň gowy eserleriniň biri we, çak edilişi ýaly, onuň karýerasyndaky iň soňky portret hasaplanýar. Ol bu suraty 1917-1918-nji ýyllarda, 55 ýaşynda garaşylmadyk ölüminden birnäçe aý öň çekipdir.
Mundan öň Ýewropada auksiondan satylan iň gymmat sungat eseri 65 mln funt sterlinge (76 mln ýewro) satylan Alberto Jakomettiniň bürünç heýkeli “Ädimleýän adam I-di”.

şu gün 19:50
347

Uçuda tarap ädim: Londonda Benksiniň goly çekilen täze heýkel peýda boldy

29-njy aprelde Londonyň taryhy merkezindäki Waterloo meýdançasynda täze bir heýkel peýda boldy. Onuň sütüninde dünýä belli anonim köçe suratkeşi Benksiniň goly goýlupdyr....

şu gün 19:23
779

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....

şu gün 18:37
490

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokiodaky “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy

27–29-njy aprel aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy.......

şu gün 18:21
2.3k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......